Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Manadyň bankomatdan çekmäge rugsat berlen mukdary artdyryldy


Türkmenistanda uzaga çeken nagt pul gytçylygynda bankomatdan pul çeken adamlaryň begenjine puly ýüze sylýan pursatlary döwlet TW-sinde hem görkezilýär.
Türkmenistanda uzaga çeken nagt pul gytçylygynda bankomatdan pul çeken adamlaryň begenjine puly ýüze sylýan pursatlary döwlet TW-sinde hem görkezilýär.

Türkmenistanda bankomatlardan çekip bolýan puluň gündelik çägi 20% artdyryldy. Mundan beýläk bir günde hasapdan 1000 manat çekip bolýar. Emma bu diňe bankomatda ýeterlik puluň bolan ýagdaýynda mümkin. Azatlygyň habarçylary täze düzgüniň ilata ýetiren täsiri barada habar berýärler.

Resmi taýdan her gije gündizde bankomatlardan 800 manatdan köp puly çekmäge rugsat berilmänkä bankomatlarda nagt pul tapdyrmadyk wagtynda Türkmenistanyň Merkezi banky täjirçilik banklaryň ýolbaşçylaryna 24 sagadyň dowamynda bir hasapdan çekip bolýan nagt puluň çägini 1000 manada çenli artdyrmaga görkezme berdi diýip, Türkmenistanyň bank ulgamyndaky çeşmeleri aýdýar.

Ýurduň ilaty öz aýlyklaryny, pensiýalaryny we döwlet kömek pullaryny nagtlaşdyrmakda ençeme ýyl bäri uly kynçylyk çekýär. Her aýyň başynda bankomatlaryň öňlerinde gije-gündiz nobatlar döreýär, bankomatlaryň içine goýulýan pul az bolup, hemmä ýetmeýär.

Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan türkmenistanlylaryň käbiri nagtlaşdyrmaga rugsat berlen puluň mukdarynyň 800-den 1000 manada çenli artdyrylandygy barada bir-birinden bilip galandygyny, beýlekiler banklara baranlarynda bildirişi görendigini gürrüň berdiler.

Bu täzelik baradaky habarlar sosial mediada hem peýda boldy.

Emma täze düzgüne görä has köp pul çekmek üçin, onuň bankomatda bolmagy zerur.

"Häzir bu habary eşidip plastik kartlaryndaky pullaryny nagtlaşdyrmak üçin uzakly gün içi pully bankomat gözleýän adamlar köpeldi. Emma haýsy bankomata barsalar, içinde pul ýok. Adamlar 'biz içi pully bankomat gözläp, 200 manadymyz taksa gitdi, hiç bankomatda nagt pul ýok diýän' kän" diýip, çeşmeleriň biri 25-nji iýunda habar berdi.

Azatlyk Radiosy täze düzgün barada Türkmenistanyň Merkezi Bankyndan we bank işgärlerinden resmi teswir alyp bilmedi.

Azatlyk bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar "bankda pul bolmasa nagtlaşdyrmagyň çägini 200 manat köpeltmegiň manysy näme?" diýen sowaly orta atýarlar.

"Adamlar muňa şatlanmalymy ýa-da dälmi bilmeýärler. Döwlet edaralarynda işleýänler häzir aýlygyna garaşýarlar we puly nagtlaşdyryp görmäge howeslenýänler hem bar" diýip, diýip ýene bir türkmenistanly aýdýar.

Çeşmeleriň ýene biri täzelige begenmeýändigini aýdyp, sebäbi bankomatlar köplenç boş durka, bir gezekde çekip bolýan puluň mukdarynyň köpeldilmeginden soň nagt puluň hasam hem tiz gutarmagyndan howatyrlanýar.

"Köp adam öz aralarynda muny asla hoş habar hasap etmeýärler. Biziňki ýaly beýdip bankomatdan pul nagtlaşdyrsa begenip, başyna sylýan adam başga ýurtlarda ýok. Öň adamlar pul nagtlaşdyrmak üçin uzakly gün bankomatlaryň agzynda nobata durýan bolsa, indi gije-gündiz durarsyň. Öňem hemmä nagt pul ýetmezdi, bankomat tiz boşardy. Adamlar haçan täzeden pul salynar diýip, nobatyny pozman, pul salynýança durardylar, ini pul has tiz gutarar" diýip, çeşme aýdýar.

Türkmenistanlylar aýlyklarynyň, pensiýalarynyň ujypsyz bolup, üstesine bankomatlardaky nagt pul gytçylygynyň ilatyň gündeki durmuşyny aňryçäk derejede agyrlaşdyrýandygyny belleýärler.

"Adamlary beýdip kösemän asla nagtlaşdyryp bolýan pula çäklendirmeleri aýyrmaly. Adamlar aýlygyny bir gezekde çekende näme bolýar" diýip, çeşme aýdýar.

Täze düzgüne görä, bank hasabyndan 24 sagadyň dowamynda çekip bolýan puluň 1000 manatdan ybarat möçberi Merkezi Bankyň kursy boýunça 285,7 amerikan dollaryna, gara bazaryň kursy boýunça 50 dollara barabar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Forum

XS
SM
MD
LG