Tejenli, oguzhanly daýhanlar meýdanda gektarlap eken gawun-garpyzlaryny ýyl-ýyldan köpelýän şagallaryň gyr-zaýa edip, parçalap gidýändigini, ekinleri goramak üçin saklaýan itlerinden hem peýda bolmandygyny aýdýarlar. Ýerli häkimiýetler olara ekin ekip, şagaldan gorap, hasyl alyp bilmejek bolsaňyz, ýerimi eýgermedim diýip taşlaň, başga ekin ekjek adam kän diýip jogap beripdirler.
Ekilen ekinleri diňe şagallardan däl, ýurtda çuňlaşýan ykdysady çökgünligiň fonunda köpelýän ogrularyndan goramak hem uly iş bolýar diýip, daýhanlar aýdýar.
Gawun-garpyz ekilen meýdanlarda şagallaryň edýän zaýaçylygy ýurduň çar künjegine çozan çekirtgeleriň ýurduň ösümlik dünýäsine howp salýandygy, açlyk howpy aladalaryny döredýändigi baradaky habarlaryň yz ýanyndan, Eýrandan gelýän gök önüm akymynyň kesilip, bazarlarda gawun-garpyzyň we beýleki gök, bakja önümleriniň gymmatlaýan wagtyna gabat geldi.
Azatlygyň habarçysy Ahal welaýatynyň Tejen we Oguzhan etraplarynda gawun, garpyz eken daýhanlar bilen gürleşip, şagal howpy diýilýäniň hakykatdan hem ulalýandygyny anyklady. Şol bir wagtda, meýdanlara aýlanyp, açyk derňew geçirip bolmazlygy şagallaryň näçe gektar ýeriň gawun-garpyzyny parçalandygyny anyk aýtmak mümkinçiligini bermeýär.
"Barha ulalýan şagal howpy"
Howpsuzlyk aladalary sebäpli, kärende ýerlerinde şagal köpelen adamlaryň ekin eken ýerlerini hem anyk aýdyp bilmeýäris.
Daýhanlar şagallaryň gawun-garpyza salýan howpunyň soňky ýyllarda, şagallaryň barha köpelmegi netijesinde, has ulalandygyny aýdýarlar.
“Soňky ýyllar meýdanda şagal köpeldi, olar gektarlap ekilen gawun-garpyzyň işini görýärler, biz hatda uly türkmen itlerini hem saklap gördük, emma alabaý itler şagallara degmeýän eken” diýip, tejenli daýhan aýtdy.
Aýdylmagyna görä, bu şagallaryň eden zaýaçylygy hasyl ýetişip, gawun-garpyz içerki bazarlarda satlyga çykarmaga taýar bolanda bilnipdir.
“Biz ekin meýdanlarymyza girip, göz gezdirenimizde, ekilen gawun-garpyzlaryň parçalanyp ýatanyny gördük. Ençeme çykdajy edip, bir giden güýç, kuwwat, azap siňdiren meýdanlarymyza gaty nebsimiz agyrdy” diýip, daýhan öňki ýyllarda şagallar bilen “garaz, ylalaşandyklaryny, 1-2 setir gawun-garpyzy diňe şol janawar haýwanlaryň paýy diýip ekendiklerini” gürrüň berdi.
Azatlyk bilen anonimlik şertinden gürleşen daýhanlaryň, hünärmenleriň pikirine görä, hemişe-de bolan we gawun-garpyz bişende öz ‘paýyny alan’ şagallaryň sany bu ýyl has köpelen bolmaly.
“Bu gezek olaryň sany has artan bolmaly, sebäbi giden gektarlap meýdanyň gawun-garpyzlaryny zaýalapdyrlar” diýip, daýhan kömek sorap, häkimlige ýüz tutandyklaryny gürrüň berdi.
"Şagal köpeldi, olara bir çäre görmesek bolanok. Öňler adam görseler jyrralyp gaçýan bolsalar, indi özlerini arkaýyn duýup, ekin meýdanlarymyzda ýüzümize gözläp, seredip ýatyrlar. ‘Haý, gaç, git’ diýeniňe-de gulak asanoklar. Bize kömek ediň. Bizi çekirtgeden goramadyňyz, indi şagaldan beri goraň, ýa-da bir alajyny tapyp azaldyň, bu siziň borjuňyz diýip haýyş etdik.”
Emma, garaşsyz metbugatyň üsti bilen häkimiýetlere seslerini eşitdirjek bolan öňki daýhanlaryň hem aýdyşy ýaly, ýerli häkimiýetler kömek soran adamlaryň arzyny diňlemändirler. Ýogsa, daýhanlar olara hasyldan gelýän girdejiniň bir bölegini döwlete geçirýändiklerini hem ýatladypdyrlar.
Häkimiýetler adamlaryň arzyny diňlemeýär
“Häkimlik işgärleri ‘ekin ekip, özüň gorap, hasyl alyp bilmejek bolsaň, ekin meýdanyny eýgeremok diýip taşla, başga göz dikip, ekin ekmekçi bolýan adamlar bar’ diýip jogap berdiler. Olaryň beren jogaby owadanlap, ‘bar, ýok bol, gaýdyp arzyňy aýdyp gelme, ýene gelseň, öňki günüňi hem tapmarsyň’ diýen ýaly boldy” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi bu jogaby kanagatlanarly hasaplamandygyny aýtdy.
Aýry-aýrylykda gürleşilen daýhanlar ekin meýdanlarynda çatma gurup, ýanlaryna 2-3 sany alabaý itini alyp, gijelerine garawulçylyk edýändiklerini, emma çala irkilseler, başuçlaryndaky gawun-garpyzlara hem şagal degendigini görýändiklerini gürrüň berdiler.
Şagaldan başga, gawun-garpyz ekenleriň ‘ekin ogrusy’ derdi hem bar. Aýdylmagyna görä, eýesi üstünde bolmasa, awtoulagly gelip, heniz doly bişmedik gawun-garpyzlary ýygyp, maşyna basyp gidýänler hem bar.
Daýhanlar bu ýagdaýlaryň köp adamy gije-gündiz ekin üstünde bolmaga, doly bişmedik gawun-garpyzlary basymrak ýygnap, satyp dynmak kararyna gelmäge itekleýändigini aýdýarlar.
Sebäbi, özümiz gorap biljek däl, döwletden kömek ýok, bişýänçä garaşsak, galanja gawun-garpyzlarymyzy hem ýa şagal, ýa ogrular aljak diýip, Azatlygyň söhbetdeşleri aýtdy.
Awgust aýynda Gawun baýramyny belleýän Türkmenistan, resmi maglumatlara görä, gawun, hususan-da garpyz eksportynyň mukdaryny ýyl-ýyldan köpeldýär. Ýöne döwlet eýeçiligindäki metbugatyň çap edýän maglumatlaryny garaşsyz ýagdaýda tassyklap bolmaýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum