Russiýanyň Daşary işler ministriniň Aşgabada iki günlük sapary başlanýar. Sergeý Lawrowyň ýaragly konflikti başdan geçirýän Eýran bilen serhetleşýän Türkmenistana edýän bu sapary Eýranyň daşary işler ministri Seýed Abbas Arakçiniň Aşgabada saparynyň yzýanyna gabat geldi. Resmi habarlarda "regional we halkara gün tertibindäki meseleler" Aşgabatdaky gepleşikleriň gün tertibinde agzaldy.
24-nji iýunda Türkmenistana barýan Sergeý Lawrowyň prezident Serdar Berdimuhamedow we daşary işler ministri Raşid Meredow bilen gepleşik geçirmegi planlaşdyrýandygyny Russiýanyň daşary işler ministrligi mälim etdi.
"Gepleşikleriň gün tertibinde ýakyn geljekdäki gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşmak, şeýle hem söwda, ykdysady, energiýa, ulag we gumanitar ugurlarda rus-türkmen hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri bar. Mundan başga-da, taraplar sebit we halkara gün tertibindäki häzirki meseleler boýunça pikir alyşarlar" diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň resmi wekili Mariýa Zaharowa saparyň öňýany aýtdy.
Bu sapar Türkmenistanyň goňşusy Eýranyň ýadro desgalaryna zarba urlup, Tähranyň Ysraýyla raketaly hüjümleri amala aşyrmagy bilen bagly dörän dartgynlylyk wagtynda geçirilýär.
Lawrowyň saparyndan bir gün öň Eýranyň daşary işler ministri Aşgabada bardy.
Türkmenistanyň DIM-niň 23-nji iýunda Seýed Abbas Arakçi bilen geçirilen duşuşyk barada çap eden maglumatyna görä, daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşypdyr, hususan-da, häzirki wagtda "Ýakyn Gündogarda emele gelýän ýagdaý barada" pikir alyşypdyr.
Arakçi Türkmenistana Moskwa eden saparyndan gaýdyşyn bardy.
Merkezi Aziýa boýunça syýasy bilermen Brus Pannier Ýakyn Gündogardaky dartgynlylygyň dowam edýän wagtynda edilen bu sapara Eýranyň Türkmenistandan belli bir goldaw isleýän bolmagynyň alamaty hökmünde seredýär.
"Arakçiniň Russiýadan gaýdyşyn Türkmenistanda saklanmagy Eýran üçin amatly görünýär. Bir tarapdan bu, Eýrana onuň üzňelikde däldigini görkezmek üçin gowy mümkinçilik berdi. Eýran öz halkyna Türkmenistanyň Eýrany goldaýandygyny görkezmek we Tähranyň Russiýada we Türkmenistanda dostlarynyň bardygyny görkezýär. Başga bir tarapdan, Arakçiniň Türkmenistandan başga-da ýardam isleýän bolmagy mümkin. Eýran Russiýadan ýük daşamak üçin goşmaça mümkinçilik gözläp biler. Sebitiň hem Russiýa, hem-de Eýran üçin transport ýoly hökmünde ähmiýeti bar. Bu azyk, medisina kömegi, gurluşyk materiallary ýaly ýüklere degişli bolup biler." diýip, Brus Pannier aýtdy.
Eýranyň daşary işler ministri 23-nji iýunda Moskwada rus prezidenti Wladimir Putin, daşary işler ministri Sergeý Lawrow, şeýle-de rus ýaragly güýçleriniň käbir ýolbaşçylary bilen duşuşdy. Taraplaryň Ýakyn Gündogardaky krizisi ara alyp maslahatlaşandygy Kremliň resmi maglumatynda habar berildi.
Brus Pannier Türkmenistanyň Bitaraplyk statusyny nygtap, syýasy taýdan hiç bir tarapy goldamaýandygyny, şeýle-de bolsa, Lawrowyň Aşgabada saparynda käbir anyk meseleleriň gozgalmagy ähtimal diýýär.
"Lawrowyň sapary gyzyklanma döredýär. Men bu iki sapar bir-birine bagly diýip hasap etmeýärin, şeýle-de bolsa, Arakçi Türkmenistana Russiýada geçiren duşuşygyndan soň bardy. Türkmenistana barýan Lawrow Eýranyň zerurlyklaryndan we gozgajak meselelerinden habarly bolmaly. Türkmenistan hiç bir tarapy açyk goldamaýar, şol sanda konfliktdäki taraplary. Emma Orsýet bilen Eýranyň arasyndaky söwda we transport ugurlarynyň biri Türkmenistanyň territoriýasyndan geçýär. Bu ýurtlaryň Türkmenistanyň üstünden geçýän ýoly geljekki aýlarda has köp ulanmak barada gepleşmegini çak etmek mümkin" diýip, Panniýer aýtdy.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi beýanatynda Meredow we Arakçi arasynda geçirilen duşuşykda ýurtlaryň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň köp meseleleriniň ara alnyp maslahat edilendigi aýdyldy.
"Şunuň bilen baglylykda, türkmen tarapy islendik halkara meselelerini parahatçylykly çözmek ýörelgelerine berk eýermek bilen, parahatçylygy tizden-tiz gazanmak hem-de bu sebitde howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek üçin ähli gyzyklanma bildirýän taraplar bilen gepleşikleri geçirmek arkaly Ýakyn Gündogardaky häzirki ýagdaýy çözmäge gatnaşmaga taýýardygyny mälim etdi" diýlip, DIM-niň resmi maglumatynda aýdyldy.
13-nji iýunda Türkmenistan Ýakyn Gündogardaky ýagdaý barada “alada” bildirýändigini mälim etdi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 13-nji iýunda giçlik ýaýradan beýanatynda ýurduň bitaraplyk statusy bellenip, Aşgabadyň syýasy ýa-da başga meseleleriň çözgüdi hökmünde güýç ulanmagy ýa-da güýç ulanmak haýbatyny “kabul etmeýändigi” aýdyldy.
Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky çeşmeleri şol bir wagtda, ýurduň ýaragly güýçleriniň hüşgärlik derejesiniň artdyrylandygyny habar berdiler.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.
Forum