NATO ýurtlarynyň ýolbaşçylary 24-25-nji iýunda Haagada duşuşarlar we olaryň öňünde keserjek esasy sorag - agza ýurtlaryň JIÖ-niň 5 göterimi derejesindäki täze goranyş çykdajylary baradaky ylalaşyga gelip biljegi ýa bilmejegi bolar.
Bu duşuşykda esasy üns ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampa gönüger, eger-de ol ýygnanyşyga gelse, elbetde.
Onuň bu samite gelmän hem biljekdigi baradaky çaklamalaryň barha ulalmagyna garamazdan, AÝ/AR bilen söhbetdeş bolan NATO insaýderleriniň köpüsi onuň ýygnaga gatnaşjakdygyna ynanýar.
Sammit, esasan, amerikan lideriniň göwnüni awlamak we klubda bolup biljek islendik näsazlyk alamatyndan gaça durmak maksady bilen taýýarlandy.
2018-nji ýylda Brýusselde geçirilen NATO sammitinde bolan ýagdaýyň gaýtalanmak ähtimallygy baradaky gorky saklanyp galýar, şonda Tramp, ilkinji prezidentlik möhletinde, Ýewropa ýurtlary we Kanada goranyş meýilnamalaryny ep-esli ýokarlandyrmasa, Birleşen Ştatlary bileleşikden çykarjakdygyny aýdyp haýbat atypdy.
Ýaranlaryň köpüsi şondan bäri öz harby haratjatlaryny ýokarlandyrdy. Şeýlelikde, olaryň aglabasy indi 2014-nji ýylda Weýlsde ylalaşylan 2 göterim derejesine ýetdi we bu talap Amerikan basyşy we Ukrainadaky uruş sebäpli ýüze çykdy.
Ozalky ýagdaýa görä Hollandiýada üç günlük ýygnak bolmaly bolsa, indi ol 24-nji iýunda şäheriň şa köşkleriniň birinde Holland korolynyň beren jemgyýetçilik nahary we ertesi gün Demirgazyk Atlantik Geňeşiniň üç sagat çemesi dowam etjek iş sessiýasy bilen çäklener.
Bolany.
Demirgazyk Atlantik Geňeşiň mejlisinde liderler Haaga jarnamasy diýilýän barada bir pikire gelerler.
Resminama entek gutarnykly görnüşde däl, ýöne Azatlyk Radiosynyň gören ozalky taslamalary onuň gaty gysga boljakdygyny görkezýär.
Öňki sammitiň tekstleri dürli syýasy meselelere galtaşyp, birnäçe sahypa uzan bolsa, bu gezekki tekst diňe bäş abzas çemesi bolar. Geçen ýyl, Ukraina üçin howpsuzlyk kömegini görkezýän goşmaça alty punktly goşundy bilen, sammitiň jarnamasy 38 abzas boldy.
Esasy mesele 5% goranyş çykdajylary nyşanasy we oňa haçan ýetilmelidigi bolup durýar.
Ispaniýa çykdajy nyşanasyndan boýun gaçyrýar
Ispaniýanyň premýer-ministri Pedro Sançes duşuşygyň öňüsyrasynda NATO-nyň Baş sekretary Mark Ruttä hat iberip, çykdajy harajatlaryny ýokarlandyrmak talabynyň esassyzdygyny aýtdy we Madridiň bu borçnamadan boşadylmagyny sorady.
Rutte sammitiň öňüsyrasynda Ispaniýa nazara alnan nyşana ýetmek üçin birneme çeýelik, eglişik mümkinçiligini berdi.
Rutte tarapyndan teklip edilen 5 göterim “gaty” harby harajatlar, raketa, dikuçar we söweş uçarlary üçin harçlanjak 3,5 göterim çykdajyny hem öz içine alýar. Galan 1,5 göterim “çydamlylyga” niýetlenip, bu agza ýurtlaryň köpüsi üçin bilkastlaýyn düşnüksiz termin bolup, bu çykdajylar köp we islendik zady öz içine alyp biler.
Emma muňa garamazdan, harby çeýeligi gowulandyrmak üçin, olaryň köpüsi infrastruktura sarp ediljege meňzeýär. Şeýle-de, bular Ukraina beriljek ýardamlary hem öz içine alyp biler. Resminama taslamasynda aýdylmagyna görä, "ýaranlar Ukraina goldaw bermäge ygrarlydyklaryny tassyklaýarlar we, bu maksat esasynda, ýaranlaryň goranyş çykdajylary hasaplananda Ukrainanyň goranyşyna we goranyş senagatyna gönüden-göni goşant goşarlar".
Şeýle-de, 5 göterim nyşanasyna ýetmek üçin bellenilen möhlet meselesindäki düşünişmezlikler saklanyp galýar.
Birleşen Ştatlardan, Estoniýadan, Latwiýadan, Litwa we Polşadan başga, bu talaby 2032-nji ýylda ýerine ýetirmek barada aýdylýanlara begenýän gaty az. Sebäbi, olar munuň mümkin däldigini aýdýarlar. Netijede, muňa derek, bu talaby ýerine ýetirmegiň soňky senesiniň 2035-nji diýlip kesgitlenmegi mümkin.
Her hili ýagdaýlaryň bolmagyny nazarda tutup, jarnamada göz öňünde tutulýan çykdajy nyşanasynyň 2029-njy ýylda täzeden gözden geçirilmek ähtimallygy hem agzalýar.
NATO resmileri bu senäniň ABŞ-nyň indiki prezident saýlawlaryndan bir ýyl soň gelýändigini gözden salmadylar we munuň häzirki pursat bilen 2032-nji ýyl aralygyndaky ortalyk menzil bolup durýandygyny öňe sürdüler.
Eger hüjüm edilse, Waşingtonyň beýleki 31 ýaranyna kömek bermäge taýýar däldigi baradaky howatyrlanmalaryň arasynda, ýewropaly ýaranlary ynjaldýan zat – jarnama taslamsynda NATO-nyň özara goranyş maddasy - 5-nji madda hem agzalýar. Şeýle-de, tekstde Russiýanyň Ýewro-Atlantik howpsuzlygyna “wehim” bolup durýandygy ýaňzydylýar.
Şeýle-de, bu resminamada transatlantik senagat hyzmatdaşlygy ýatlanýar, bu Waşingtonyň ABŞ kompaniýalarynyň hem Ýewropanyň goranyş çykdajylaryndan peýda görmegini üpjün etmek isleginden ugur alýar.
Mundan başga, sammit jarnamasy indiki ýyldaky sammitiň Türkiýede, ondan soňky sammitiň bolsa Albaniýada geçiriljegini aýan edýär.
Türkiýe indi uzak wagt bäri NATO sammitine beýemçilik etmäge çalyşýar, ýöne bileleşigiň birnäçe agzasy, türk oppozisiýasyna garşy edilýän basyşlar sebäpli, muňa ençeme ýyl bäri razy bolmaýar.
Indi, Ankaranyň Ýakyn Gündogardan Ukraina çenli barha ösýän geosyýasy täsiri bilen, bu isleg 2026-njy ýylda amala aşjaga meňzeýär.
Ukrainanyň agzalygy?
Ýene bir esasy näbellilik, ýetip gelýän sammitde Ukrainanyň nähili derejede orun aljakdygy bilen bagly.
Kiýewiň NATO agza bolmak islegleri 2023-nji ýylda Wilnius sammitinde, bir ýyl soň Waşingtonda esasy tema bolupdy. Ýöne Tramp bu ýurduň harby ýaranlyga goşulmak mümkinçiligini aç-açan ret edeninden soň, bu baradaky gepleşikler gowşady.
Ukrainanyň prezidenti Wolodymyr Zelenski Haaga çagyryldy we onuň liderleriň jemgyýetçilik naharyna gatnaşjakdygyna umyt baglanýar. Bu çärä NATO-nyň Hindi-Ýuwaş ummany hyzmatdaşlarynyň - Awstraliýanyň, Ýaponiýanyň, Täze Zelandiýanyň we Günorta Koreýanyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.
Zelenski sammitiň çäginde, NATO-nyň goranyş senagaty forumy ýaly, käbir ugurdaş çärelere hem gatnaşyp biler. Şeýle-de, NATO-nyň resmi ýygnagy gutaranyndan soň, ol ýerde Ruttäniň we beýleki Ýewropa liderleriniň gatnaşmagynda, Ukraina barada “kiçi sammit” geçirilip biler.
Forum