Ysraýyl Tährana täze zarbalary urýar, Tramp Eýrandaky “režimiň üýtgemek” mümkinçiligini agzaýar

ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp

Eýranyň paýtagty Tähranyň birnäçe sebitinde güýçli partlamalar boldy. Bu aralykda, ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Eýranda hökümetiň agdarylmagyny goldap biljekdigini ýaňzytdy. Ýogsa mundan öň, Tramp administrasiýasynyň agzalary soňky hüjümleriň “režimi üýtgetmegi” maksat edinmeýändigini nygtapdylar.

23-nji iýunda Ysraýylyň Harby howa güýçleri Tähranda harby nyşanalara gönükdirilen täze zarbalaryň başlandygyny yglan etdi. Şaýatlar güýçli partlamalar barada maglumat berýärler.

Ysraýylyň Harby howa güýçleriniň ýaýradan beýanatynda Tährandaky harby desgalara garşy “birnäçe zarba amala aşyrylýandygy” aýdyldy, emma bularyň netijeleri we zeperleriň derejesi barada anyk maglumat berilmedi.

Şol bir wagtda, Eýranyň döwlet telewideniýesi ABŞ-nyň geçen hepdäniň aýagynda amala aşyran hüjümleriniň esasy nyşanalarynyň biri bolan, dagyň aşagynda ýerleşýän Fordo ýadro desgasyna gaýtadan zarba urulandygyny mälim etdi. Ysraýyl metbugaty, atlandyrylmadyk çeşmelere salgylanyp, zarbalaryň Fordo desgasyna barýan ýollara gönükdirilendigini, desganyň özüne gönüden-göni urulmandygyny mälim etdi.

Eýran hem 23-nji iýunyň ir sagatlarynda Ysraýyla garşy täze howa zarbalaryny amala aşyrdy.

Tramp şol gün ir bilen beren beýanatynda ABŞ-nyň zarbalarynyň Eýranyň esasy ýadro desgalaryna “äpet möçberde zyýan ýetirendigini”, zarbalaryň netijelerini “ýer bilen ýegsan etmek” diýip häsiýetlendirip boljakdygyny aýtdy.

Tramp Truth Social platformasynda: “‘Režimi üýtgetmek’ diýen sözi ulanmak syýasy taýdan dogry däl, ýöne häzirki režim EÝRANY TÄZEDEN BEÝIK DÖWLETE ÖWÜRMÄGE ukyply däl bolsa, onda näme üçin režim çalşygy bolmaly däl? MIGA!!!” diýip, ýazgy galdyrdy.

Atom energiýasy boýunça halkara agentlik 23-nji iýunda beren beýanatynda, ABŞ-nyň merkezi Eýranda dagyň içinde gurlan uran baýlaşdyrmak boýunça Fordo desgasyna “örän uly derejede zyýan” ýetiren bolmagynyň ähtimaldygyny aýtdy.

Şu beýanatdan birnäçe sagat öň, ABŞ-nyň wise-prezidenti J.D. Wens, Döwlet sekretary Marko Rubio we Goranmak sekretary Pit Hegset ýaly ýokary derejeli resmiler metbugata beren interwýularynda ABŞ-nyň 21-nji iýundaky zarbalarynyň maksadynyň Eýranyň häkimiýetini çalyşmak däl-de, Eýranyň ýadro obýektlerine garşy gönükdirilen, gepleşiklere ýol açmak maksady bilen ýerine ýetirilen operasiýadygyny mälim edipdiler.

Pit Hegset metbugat ýygnagynda ABŞ-nyň zarbalarynyň Eýranyň harbylaryna ýa-da ilatyna gönükdirilmän, “diňe ýurduň ýadro maksatlaryna garşy ýokary takyklykly operasiýadygyny” aýtdy we “bu missiýa režimi çalyşmak bilen baglanyşykly däl we hiç haçan şeýle bolmandy” diýip belledi.

“Prezident Tramp parahatçylyk isleýär we Eýran şol ýoly saýlamaly” diýip Hegset aýtdy. Şeýle-de ol: “Bu ýerde gepleşik arkaly çözgüt gazanmak zerur” diýip nygtady.

Trampyň Respublikan partiýasynyň käbir agzalary, şol sanda täsirli senator Ted Kruz hem ABŞ-nyň zarbalaryndan öň Eýrandaky režimi çalyşmagy goldap çykyş edipdi. Ol: “Režimiň ýykylyp bilmegi üçin biz iň ýokary derejede basyş we ykdysady sanksiýalary ulanmaly” diýip aýdypdy.

22-nji iýunda ABŞ-nyň resmileri Tährana hepde soňy amala aşyrylan howa zarbalaryna jogap bermezlik barada duýdurdylar.

Ýagdaýyň dartgynlaşmagy sebäpli, ABŞ dünýä boýunça daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlaryny seresap bolmaga çagyrýan seýrek duýduryşy çap etdi.

Eýran gepleşiklere dolanmak barada edilen çagyryşlary ret edip, öz goranyş hukugyny nygtady we ABŞ-nyň bu hereketleriniň “örän howply netijelere” getirmeginiň jogapkärçiligini Waşingtonyň üstüne atdy we diplomatik çözgüdiň diňe Eýranyň öz jogabyny bereninden soň mümkin boljakdygyny aýtdy.

23-nji iýunda Eýranyň daşary işler ministri, Russiýanyň ýokary derejeli resmileri bilen duşuşmak üçin, Moskwa sapar edýär.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu bolsa, Eýranyň ballistik raketa we ýadro howpuny ýok etmek boýunça bir hepdeden gowrak wagt bäri dowam edýän howa zarbalarynyň çäginde Ysraýylyň öz maksatlaryna “örän ýakynlaşandygyny” mälim etdi.