Türkmen hökümetiniň goňşy Eýrandaky hüjümler barada dymmagy ilatda howatyrlanma döredýär

Türkmenistanyň Eýran bilen 1148 kilometrlik umumy serhetinde birnäçe barlag-geçiş nokady bar. Bajgiran serhet geçelgesi (arhiw suraty)

Türkmenistanyň DIM-niň we Döwlet departamentiniň arasynda 22-nji iýunda gepleşik geçirildi. Türkmenistanyň resmi habaryna görä, amerikan tarapynyň inisiatiwasy boýunça geçirlen telefon söhbetdeşliginde Ýakyn gündogaraky ýagdaý gozgalypdyr we "ynsanperwer häsiýetli" meseleleri çözmek boýunça pikir alyşylypdyr. Goňşy Eýranyň ýadro obýektlerine Ysraýyl tarapyndan zarba urlup, Eýranyň Ysraýyla raketaly hüjüm edýärkä, Türkmenistanyň ilatynyň arasynda howatyrlanmalar güýçlenýär.

Türkmenistanyň we ABŞ-nyň Daşary işler ministrlikleri derejesinde 22-nji ýunda geçirlen telefon gepleşiginde daşary işler ministri Raşit Meredow we ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň birinji orunbasary Kristofer Landau, "hususan-da, Ýakyn Gündogar sebitindäki häzirki ýagdaý we bu ugurda ynsanperwer häsiýetli birnäçe meseleleri çözmek boýunça pikir alyşdylar" diýlip, türkmen tarapynyň habarynda aýdylýar.

DIM-niň beýanatyna görä, Türkmenistan Ýakyn Gündogardaky häzirki ýagdaýy diplomatik serişdeleriň we usullaryň iň giň toplumyny ulanmak arkaly çözmäge gatnaşmaga taýýardygyny beýan edipdir.

Degişli maglumat Ysraýyl Eýranyň Meşhed şäherine zarba urdy, ol Türkmenistanyň serhedine golaý ýerleşýär

'Ynsanperwer häsiýetli' meseleler

Ysraýylyň Eýrandaky ýadro obýektlerini ýok etmek boýunça amala aşyrýan hüjümleriniň we Eýranyň Ysraýyla raketa atmagynyň dowam edýän döwrüne gabat gelen bu gepleşikler daşary ýurt raýatlarynyň Eýrany köpçülikleýin terk edýän wagtynda geçirildi.

Türkmenistanyň Eýran bilen 1148 kilometrlik ululykdaky umumy serheti bar.

Dünýäniň 50-ä golaý döwleti Eýrandan çykýan öz raýatlarynyň Türkmenistanyň üstünden geçmegi üçin ýardam sorap, Türkmenistana ýüz tutupdyr. Bu barada DIM-niň 21-nji iýunda çap eden resmi beýanatynda aýdylýar.

Şol bir maglumatda Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlarynyň gije-gündiziň dowamynda işleýändigi we barlag-goýberiş nokatlaryndan jemi 2000-den gowrak adamyň geçendigi aýdylýar. Olaryň arasynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Koreýanyň, BAE-niň, Saud Arabystanynyň, Omanyň, Bahreýniň, Kataryň, Kuweýtiň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Daniýanyň, Beýik Britaniýanyň raýatlary bar diýilýär.

Mundan öň 16-njy iýunda Türkmenistan öz barlag-geçiş nokatlary arkaly 120 daşary ýurtlynyň Türkmenistanyň döwlet serhetinden geçendigini, olaryň Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Rumyniýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlarydygyny habar beripdi.

20-nji iýunda "Waşington Post" gazetinde çap bolan maglumatda Eýran bilen uly serhedi bolan Türkmenistanyň ABŞ-nyň raýatlarynyň bu ýurda girmegi üçin Aşgabatdaky amerikan ilçihanasynyň 100-den gowrak haýyşyny tassyklamandygy habar berildi we ýüzlerçe amerikan raýatynyň zarbalardan soň Eýrany terk edendigini bellenip, ilçihananyň amerikan raýatlaryna başga ýurtlary saýlamagy maslahat berendigi aýdyldy.

Türkmenistanyň DIM-niň 22-nji iýunda çap eden maglumatynda türkmen hökümetiniň ýurduň guryýer geçelgelerini we Aşgabadyň halkara aeroportuny ulanmak bilen daşary ýurt raýatlarynyň bökdençsiz geçmegi üçin zerur çäreleri görýändigi aýdyldy.

Eýran bilen uzynlygy 1148 kilometrlik serhedi bolan Türkmenistana garanda Eýran bilen serhetleşýän beýleki ýurtlar daşary ýurt raýatlarynyň çykmagy üçin esasy ýol bolup, hyzmat edýär. Müňlerçe adam Türkiýe, Azerbaýjan we Ermenistan üsti Eýrany terk edýär.

Degişli maglumat Ysraýylyň hüjümlerinden gorkup, eýranlylar goňşy Ermenistanda gaçybatalga gözleýärler

"Reuters" agentligi onlarça ýurduň öz raýatlaryny Eýrandan ewakuasiýa etmegine degişli 20-nji iýunda çap eden sanlarynda Günorta Koreýanyň 32 raýatyny Türkmenistanyň üstünden ewakuasiýa edendigi aýdylýar. Maglumatda beýleki onlarça ýurduň öz raýatlaryny Azerbaýjanyň we Türkiýäniň üstünden geçirendigi aýdylýar.

Bu aralykda Türkmenistanyň özünde goňşy Eýrandaky ýagdaýlar ilat arasynda aladalanma döredýär. Türkmen DIM-niň Ýakyn Gündogardaky ýagdaýa aladalanma bildiriji beýanat çap etmek bilen çäklenmegi we döwlet mediasynyň sebitdäki zarbalar barada dymmagy ilatda howatyrlanma döredýär.

Maglumat boşlugy, ilatyň aljyraňňylygy

Türkmenistanyň serhetýaka sebitlerinde Eýranyň üstünde raketalaryň uçýandygy görünýär, adamlar aladalanýar we gorkýar diýip, Azatlygyň Balkandaky çeşmeleri habar berýär.

"Biziň sebitimizden Eýrana atylýan raketalar görünýär. Esasan çagalarymyz 'ol näme?' diýip soraýar. Biz çagalara ol samolýot - uçar diýip allamakçy bolýarys, biz çagalary gorkuzmak islemeýäris. Häzir tötänleýin ol atylýan raketalaryň bir bölegi biziň üstümizden gaçsa-da muny hiç ýerde aýtmazlar. Hemişe boluşy ýaly halkdan gizlärler" diýip, Esenguly etrabynyň ýaşaýjylaryndan biri aýdýar.

15-nji iýunda Ysraýyl Eýranyň Türkmenistan bilen serhedine golaý ýerleşýän Meşhed şäherine zarba urdy.

Meşhed Ysraýyldan takmynan 2 müň 300 kilometr uzaklykda ýerleşýär, emma Türkmenistan bilen serhede 50 kilometr çemesi, Aşgabada bolsa 280 km ýakyn ýerleşýär.

Degişli maglumat ABŞ Eýranyň üç ýadro desgasy, şol sanda Fordo boýunça howa zarbalaryny amala aşyrdy

Azatlyk bilen anonimlik şertinde söhbetdeş bolan Esengulynyň ýaşaýjylary, ýerli ilatyň, goňşy Eýrandaky ýagdaýlar barada internetdäki maglumatlardan habarly bolýandygyny we üns bilen syn edýändigini belleýärler.

Çelekeniň ýaşaýjylary öz ýaşaýan ýerlerinden goňşy ýurtdaky ýagdaýy görse bolýandygyny aýdýarlar.

"Çeleken häzirki Hazar şäherçesi Erana has ýakyn bolansoň, atylýan bombalary görmek bolýar iň erbedi partlama sesleri hem eşidilýär" diýip ýerli ýaşaýjy aýdýar.

Türkmenistanlylar serhet ýakasyndan göçýär

Azatlygyň habarçylary serhet ýaka sebitleriň ýaşaýjylary, şol sanda çelekenliler we hatda Türkmenbaşy şäheriniň ýaşaýjylary öýlerini taşlap, ýurduň başga böleklerine göçüp başladylar diýýärler.

"Hazar şäheriniň we Türkmenbaşy şäheriniň maddy ýagdaýy bolan ilaty öz ýaşaýan ýerlerinden wagtlaýyn göçüp başladylar. Adamlar panikada, gowuluk bilen gutarmaz diýýärler. Şol sebäpli demirgazyk we gündogar welaýatlara göçýärler. Awaza tas boşap galdy, ähli myhmanlar gitdiler öýlerine" diýip, balkanly çeşme 23-nji iýunda gürrüň berdi.

Bu aralykda Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary we çeşmeleri paýtagtyň myhmanlarynyň doludygyny, daşary ýurtlularyň hem köpdügini belleýärler.

'Raketaly' wideolar

Soňky günlerde sosial mediada Türkmenistanyň Eýrana golaý ýerleşýän ilatly ýerlerinde düşülendigi aýdylýan wideolar çap bolýar. Asmanda raketalara meňzeş obýektleriň atylýandygy görkezilýän wideolarda 'raketa atyldy' diýip aýdýan sesleri eşitmek mümkin.

Türkmen häkimiýetleriniň bu ýagdaýa reaksiýasy öňden bäri bolşy ýaly ilaty internetdäki maglumatlar üçin yzarlamakdan ybarat.

"Tik-Tokda wideolar paýlaşan raýatlar Eýranda atylýan bomba teswirleri üçin MHM tarapyndan soraga çekilýär. Güýç edaralary wideo paýlaşanlary 'halk arasynda panika döretmekde' günäleýär" diýip, çeşme aýdýar.

Şeýle-de, habarçylaryň sözlerine görä, häkimiýetler wekilleri ilatyň dowula düşmezligi üçin adamlary köşeşdirmek maksady bilen daşary ýurt telekanallaryny görmezligi maslahat berýärler we daşary ýurt telekanallaryny petikleýärler.

Degişli maglumat Ýakyn Gündogardaky dartgynlylyk türkmen gazynyň Eýranyň üstünden akdyrylmagyny soraga goýýar - bilermen

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.