Özbegistanyň prezidenti gyzyny prezident diwanynyň başlygy wezipesine belledi

Özbegistanyň prezidentiniň gyzy Saýida Mirziýoýewa (sagda) we Türkmenistanyň öňki prezidentiniň gyzy, häzirki döwlet baştutanynyň dogany Oguljahan Atabaýewa

23-nji iýunda Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew gyzy Saýida Mirziýoýewany täze döredilen prezident administrasiýasynyň başlygy wezipesine belledi diýip, prezidentiň metbugat wekili mälim etdi.

40 ýaşyndaky Mirziýoýewa 2023-nji ýylyň awgustyndan bäri prezidentiň kömekçisi wezipesinde işleýärdi. Onuň öňüsyrasynda, 2022-nji ýylyň noýabryndan başlap, ol prezident administrasiýasynyň ýerine ýetiriji apparatynyň aragatnaşyk we maglumat syýasaty boýunça bölüminiň müdiri bolup işläpdi.

Mirziýoýew 2016-njy ýylda ýurduň ilkinji prezidenti Yslam Karimowyň ölüminden soň häkimiýete geldi. Karimow hem öz gyzy Gülnara Karimowany ýokary wezipelere belläpdi.

Merkezi Aziýa döwletlerinde häkimiýetiň bir maşgalanyň elinde jemlenmegi adaty ýagdaý bolup durýar.

Türkmenistanda Gurbanguly Berdimuhamedow 2022-nji ýylda häkimiýeti ogluna, Serdara tabşyrdy, golaýda onuň gyzy Oguljahan Atabaýewa hem ýurduň syýasat arenasynda has köp rol oýnap başlady. Täjigistanda bolsa prezident Emomali Rahmonyň ogly Rustam Emomali ýurduň parlamentine ýolbaşçylyk edýär.

Mirziýoýew prezidentlik eden döwründe daşary ýurt maýa goýumlaryna we syýahatçylyga ýol açan bolsa-da, ýurtda syýasy oppozisiýa tas ýok ýagdaýda bolmagynda galýar.