Myrat Duşemowyň ejesine ogluny görmäge rugsat berilmedi

Myrat Duşemow

Türkmenabatdaky deslapky tussaghananyň ýolbaşçylary raýat aktiwistiniň we syýasy tussag Myrat Duşemowyň ejesine ogluny görmäge rugsat bermediler. Bu barada 20-nji iýunda “Turkmen.news” neşiri habar berdi. Meşhur türkmen raýat aktiwisti Myrat Duşemow azatlykdan mahrum edilmeginiň dört ýyllyk möhletiniň dolmagyndan soň öýüne gaýdyp barmady, ol tussaglykda saklanýar.

Duşemow 14-nji iýunda boşadylmalydy, ýöne Turkmen.news neşiriniň habaryna görä, oňa boşadylmagynyň öňýany prowokasiýa gurnalyp, ony täze aýyplamalar esasynda saklapdyrlar. "Azatlyga çykmazyndan ozal bir tussag oňa garşy şikaýat ýazypdyr we elini döwmekde aktiwisti aýyplapdyr" - diýip, neşir ýazdy.

Bu habara görä, aktiwist türme möhleti gutarmazdan bir gün öň, 10-njy iýunda koloniýadan deslapky tussaghana äkidilipdir. Duşemow beýleki tussaglar bilen ýakalaşmakda günälenýär, sud işi 10 günüň içinde geçiriler.

Degişli maglumat Aktiwistler Waşingtonda Aşgabady syýasy tussaglary boşatmaga çagyrdylar

Myrat Duşemow 2021-nji ýylyň 16-njy awgustynda adama bilkastlaýyn şikes ýetirmekde aýyplanyp, azatlykdan mahrum edildi we umumy režimli jeza koloniýasynda dört ýyl tussaglykda boldy. Adam hukuklaryny goraýjylar Duşemowa garşy sud işini syýasy matlaply hasap edýärler we aýyplamalaryň onuň öz hukuklaryny goraýandygy we işjeň raýat pozisiýasyny beýan edendigi sebäpli toslanyp tapylandygyny aýdýarlar.

Myrat Duşemow 2020-nji ýylyň iýun aýyndan bäri häkimiýetler tarapyndan yzarlanýar.

2020-nji ýylyň 16-njy iýunynda Bezmeýin etrabynyň polisiýasy aktiwisti YouTube-da wideo çap edenligi üçin tussag etdi. Duşemow türkmen oppozisiýasynyň daşary ýurtlarda alyp barýan işleri barada öz pikirini açyk beýan edip, syýasy hereketleri ýurduň içindäki adamlar bilen bilelikde işleşmäge çagyrypdy. Tussaglykdan 10 gün geçensoň Azatlygyň çeşmeleri onuň öý tussaglygyna geçirilendigini habar beripdi.

2021-nji ýylyň iýunynda Duşemow ýene saklandy. Ol Büzmeýiniň 12-nji saglyk öýünde häkimiýetleriň koronawirusa garşy mejbury sanjym talaplary boýunça saglyk resmilerinden düşündiriş talap etdi we bu gürrüňdeşligiň gizlin düşürilen wideosyny sosial ulgamlara syzdyrdy. Munuň yzýany Büzmeýiniň etrap sudy ony jemgyýetçilik ýerinde goh-galmagal turuzmakda günäli tapylyp, 100 manat möçberinde jerime saldy.

Şol ýylyň 7-nji iýulynda Myrat Düşemow hem-de onuň iki ýoldaşy Aşgabatdan Daşoguza barýarka Ruhubelent etrabynyň ýol gözegçilik nokadynda ýol polisiýasy olardan negatiw COVID-19 test netijeleriniň görkezmegi talap etdi. Duşemow muňa garşylyk bildirip, polisiýadan Türkmenistanyň Saglyk ministrliginiň buýrugynyň görkezilmegini talap etdi. Koronawirus pandemiýasy wagtynda köpçülikleýin ölümlere garamazdan, Türkmenistanyň hökümeti ýurtda COVID-19-yň bardygyny ret etdi.

Şonda 15 günlük tussag edilen Duşemow boşadylmady. Adam hukuklaryny goraýjylaryň maglumatyna görä, onuň kamerasyna salnan iki adam bir-biri bilen ýakalaşyp, soň Duşemowy günäläpdirler.

Degişli maglumat Myrat Duşemowyň türme möhleti doldy, emma ol öýüne dolanmady

Adam hukuklaryny goraýjylar Myrat Duşemowy wyždan ýesiri hasaplaýarlar. "Amnesty International" guramasynyň apreliň aýagynda çap eden hasabatynda tussaglykdaky adam hukuklary aktiwisti Mansur Mingelowyň we blogçy Murat Duşemowyň ýagdaýyna üns beridi.

"Ikisi-de syýasy sebäplere görä günäli tapyldy. Mingelow adam hukuklarynyň depelenmegini paş etmek üçin alyp baran işleri üçin 22 ýyl, Duşemow 4 ýyl azatlykdan mahrum edildi" diýlip, hasabatda aýdylýar.

"Turkmen.news" neşiriniň redaktory Ruslan Mätiýew Duşemowy azatlyga goýbermezlik bilen häkimiýetler onuň režim üçin oňaýly adam däldigini görkezýär diýýär.

"Myrat Duşemow Türkmenistanyň häkimiýetleri, ýörite gulluklary üçin örän oňaýsyz adam. Bu adam hiç wagtda adalatsyzlygyň duşundan geçmedi, ol bikanunçylyk görse hiç wagt duşundan geçip gitmedi. Ol özüniň munuň bilen ylalaşmaýandygyny mälim etmek bilen çäklenmedi. Ol kanunyň esasynda delil görkezip, dürli derejelerdäki döwlet işgärlerine, polisiýa, lukmanlara ýa-da bank işgärlerine olaryň hakly däldigini we olaryň adamlar bilen kadaly gepleşmäge borçlydygyny aýtdy. Ol öz raýat aktiwligini köpçülige çykardy we raýatlara öz haklaryny nädip goramalydygyny we gorkmaly däldigini görkezdi. Häkimiýetler onuň azatlyga çykan ýagdaýynda öz hukuklaryny goramagyny dowam etdirmeginden gorkýarlar" diýip, Mätiýew aýtdy Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda aýtdy.

Mätiýew Duşemowyň ýagdaýy barada adam hukuklaryny goraýjy guramalaryň we 17-nji iýunda Brusselde türkmen resmileri bilen adam hukuklary boýunça gepleşikleriň nobatdaky tapgyryny geçiren Ýewropa Bileleşiginiň wekilleriniň habarly edilendigini belledi.

Degişli maglumat Türkmenistan: aktiwistiň tussag edilmegi we wirtual raýat toparlary

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.