24-nji iýunda ABŞ-nyň döwlet sekretary Marko Rubio özüniň türkmenistanly kärdeşi Raşid Meredow bilen Ysraýyl-Eýran konflikti barada telefon söhbetdeşligini geçirdi.
Döwlet departamentiniň maglumatyna görä, taraplar ABŞ-nyň raýatlarynyň hem-de kanuny hemişelik ýaşaýjylaryň Eýrandan Türkmenistanyň serhedi arkaly howpsuz çykmagyny üpjün etmek boýunça özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.
Birleşen Ştatlar Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyna minnetdarlyk bildirip, mundan beýläk hem hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine, şol sanda ykdysady we söwda gatnaşyklarynyň giňeldilmegine umyt bildirdi.
Mundan öň, Türkmenistanyň özüniň günorta goňşusyndan çykmak isleýän ABŞ-nyň 100-den hem aşa raýatynyň serhetden geçmek baradaky Birleşen Ştatlaryň Aşgabatdaky ilçihanasynyň arzalaryny tassyklamandygy barada maglumatlar peýda boldy.
Reuters gullugynyň 24-nji iýunda beren maglumatyna görä, hepde soňy geçirilen diplomatiki tagallalaryň netijesinde Türkmenistan ABŞ-nyň raýatlaryny öz serhedinden geçirip başlapdyr.
22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň birinji orunbasary Kristofer Landau bilen telefon söhbetleşligini geçiripdi.
Aşgabat ýurduň, ynsanperwer geçelgeleri arkaly, Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlarynyň päsgelçiliksiz üstaşyr geçmegini üpjün edýändigini yzygiderli tekrarlaýar, emma ABŞ raýatlaryna girizen çäklendirmeleri barada maglumat bermeýär.