Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl Eýrana garşy operasiýasyndan soň, Hamas bilen göreşe üns berer


Eýal Zamir
Eýal Zamir

Ysraýylyň Goranmak güýçleriniň Baş ştabynyň başlygy Eýal Zamir, Eýrana garşy geçirilen harby operasiýanyň tamamlanmagyndan soň, ýurduň ünsi Palestinanyň radikal Hamas toparyna garşy dowam edýän urşa gönükdirjekdigini aýtdy. Hamas ABŞ we Ýewropa Bileleşigi tarapyndan terrorçy gurama hökmünde ykrar edilýär.

Zamir Eýrana gaşry operasiýanyň tamamlanmandygyny belläp, “Biz möhüm bir tapgyry gutardyk, ýöne Eýrana garşy kampaniýa bes edilmedi. Biz Eýranyň ýadro programmasyny we raketa mümkinçiliklerini birnäçe ýyl yza gaýtardyk” diýip belledi. Onuň sözlerine görä, harby güýçleriň esasy ileri tutýan ugurlary indi Gazadan ýesirleriň yzyna getirilmegi we Hamasyň ýok edilmegi bolar.

Ysraýylyň premýer-ministriniň geňeşçisi Dmitriý Hendelman, 13-nji iýunda Eýrana garşy başlanan operasiýadan bäri 28 ysraýyllynyň heläk bolandygyny, takmynan 1 müň 500 adamyň ýaralanandygyny mälim etdi.

Hendelman Eýranyň Ysraýyla 550 raketa we müňden gowrak dron bilen hüjüm edendigini aýtdy.

Şol bir wagtda, Eýran häkimiýetleri Ysraýylyň operasiýasynyň başyndan bäri zarbalarda 600-den gowrak adamyň ölendigini, takmynan bäş müň adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG